prezident Ruhani:Tramp ýolbarsyň guýrugyna basmasyn
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3469-prezident_ruhani_tramp_ýolbarsyň_guýrugyna_basmasyn
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran yslam Respublikasy el-gatmagyň dälde eýsem öňüni alyş çäräniň yzyndadyr diýmek bilen Eýranyň hiç kim bilen dawasy ýokdyr emma duşmanlar bilip goýsynlar Eýran bilen uruşmak uruşlaryň ulysy we Eýran bilen ýaraşmak ýaraşyklaryň ulysy boljakdyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 22, 2018 11:35 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani:Tramp ýolbarsyň guýrugyna basmasyn

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran yslam Respublikasy el-gatmagyň dälde eýsem öňüni alyş çäräniň yzyndadyr diýmek bilen Eýranyň hiç kim bilen dawasy ýokdyr emma duşmanlar bilip goýsynlar Eýran bilen uruşmak uruşlaryň ulysy we Eýran bilen ýaraşmak ýaraşyklaryň ulysy boljakdyr diýip nygtady.

şu gün prezident Ruhani daşary ýurtlardaky Eýranyň wekiliýetleriniň başlyklarynyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýranyň nebit eksportynyň öňüne geçeris diýip Amerikalylaryň aýdan gürrüňiniň jogabynda Amerikanyň prezidenti taryh boýunda sebitiň suw geçelgesiniň howpsyzlygyna Eýranyň kepil geçenligini bilip goýsun diýmek bilen Donald Tramp ýolbarsyň guýrugyna basmasyn sebäbi Eýranyň oňa berjek gaýtawuly puşman ediji boljakdyr diýip yglan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Ak-Tamyň jynsparazlykly syýasatlaryna yşarat edip Amerikanyň häkimler topary basyp alyjy Sionist režimini razy saklamak üçin bir milliard 500 million musulmana garşy uruş yglan edendir diýip sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baştutany sözüniň dowamynda Eýran Siriýa,Yrak we Liwanda bitiren işlerine buýsanýandyr we geljekde hem buýsanjakdyr diýmek bilen bir wagtda Eýran terrorizme garşy göreşmekde hiç haçan duşmandan rugsat aljak däldir diýdi.

Ruhani sözüniň soňunda Eýranyň dünýäniň ähli ýurtlary aýratynda goňşy ýurtlary bilen gowy gatnaşyklary saklamagyň yzyndadygyny aýtdy.