Zarifyň Şri-lankanyň resmileri bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3511-zarifyň_Şri_lankanyň_resmileri_bilen_duşuşygy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Şri-lankada bu ýurdyň daşary işler ministri Tilak Marapana bilen geçiren duşuşygynda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýollary barada pikir alyşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 01, 2018 15:28 Asia/Ashgabat
  • Zarifyň Şri-lankanyň resmileri bilen duşuşygy

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Şri-lankada bu ýurdyň daşary işler ministri Tilak Marapana bilen geçiren duşuşygynda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýollary barada pikir alyşdy.

Zarif bilen Marapanaň üstünde gürrüň eden asly meseleleri nebit we energiýa,petrohimiýa,gurluşyk işleri,bank hyzmatdaşlyklary hemde oba hojalyk ugurlary öz içine alýandyr.

Eýranyň daşary işler ministri Zarif şeýle-de şu gün Şri-lankanyň premýer-ministri Ranil Wikremesinge bilen duşuşdy.bu duşuşykda taraplar özara gatnaşyklary ösdürmek we sebitleýin hemde halkara soňky özgerişler barada pikir alyşdylar.

Zarif bilen Wikremesinge şeýle-de halkara meselelerde Eýran bilen Şri-lankanyň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi barada gürrüň etdiler.Eýranyň daşary işler ministri Şri-lanka saparyny gutaryp ASEAN maslahatyna goşulmak üçin Singapura ugrady.

Zarif Şri-lankanyň resmileri bilen duşuşyp iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň etmek üçin bu ýurdyň paýtagty Kolombo şäherine bardy.