Larijani: Eýran bilen Orsýet özra söwda hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge gowy ideýalary bardyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Tehran bilen Moskwanyň ykdysady we söwda gatnaşyklary günbe-günden ösüp barýandyr diýmek bilen iki tarap özra söwda hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek üçin gowy ideýalary ileri sürendirler diýip nygtady.
şu gün Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Tehranda Orsýet dumasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy leonid Slutski bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň Orsýetiň bank gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy zerurdyr diýip beýan etdi.
Larijani9 sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygy baradaky Amerikanyň başbozarlygyna yşarat edip ýadro ylalaşygynda Orsýet gowy rola eýedi we şu ugrda Tehran bilen Moskwanyň arasynda yzygiderli gowy gepleşikler geçirildi diýip nygtady.
Larijani şeýle-de Siriýa meselesinde çylşyrymlydyr emma Eýran bilen Orsýet arkadaşlyk edip bu dartgynlylygy çözüp başarjakdyrlar diýip beýan etdi.
leonid Slutski hem bu duşuşykda Eýran bilen Orsýetiň geopolotik ýagdaýy iki ýurdyň gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyyrlmagyny talap edýäär diýdi.