Eýranyň daşary işler ministri Singapur Respublikasynyň premýer ministri bilen duşuşdy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Singapur respublikasynda bu ýurdyň premýer ministri Lee Hsien Loong bilen duşuşyp ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleler şeýle-de ýadro ylalaşygy barada gürrüň etdi.
Aziýanyň günorta gündogar ýurtlarynyň bileleşiginiň ýene bir ybaratda ASEAN maslahatyna garnaşmak üçin çarşenbe güni Singapura baran Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Singapur respublikasynyň premýer ministri Lee Hsien Loong bilen duşuşyp ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleler şeýle-de ýadro ylalaşygy barada gürrüň etdi.
malaýziýa, Indoneziýa, Taýland, Wýetnam, Kamboj, Filinpinler, Singapur, mýanmar, Laus we Bronei ýurtlary ASEAN-iň agzalaryny ybaratlaýandyrlar.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Singapur saparynyň gidişinde ASEAN bileleşigi bilen Eýranyň arasyndaky dostlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.