serdar Aştari: Eýranda hiç hili howpsuzlyk kynçylygy ýokdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3533-serdar_aştari_eýranda_hiç_hili_howpsuzlyk_kynçylygy_ýokdyr
Eýranyň tertip-düzgün goraýjy güýjiniň serkerdesi Eýranda hiç hili howpsuzlyk kynçylygy ýokdyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 05, 2018 14:37 Asia/Ashgabat
  • serdar Aştari: Eýranda hiç hili howpsuzlyk kynçylygy ýokdyr

Eýranyň tertip-düzgün goraýjy güýjiniň serkerdesi Eýranda hiç hili howpsuzlyk kynçylygy ýokdyr diýip yglan etdi.

serdar sertip pasdar Huseýin Aştari şu gün Gom welaýatynyň tertip-düzgün goraýjy güýjiniň täze serkerdesiniň tanyşdyrylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde her köpçüligiň kowumy we mezhebi düregeýligine garamak bilen käbir  jenaýatlar ýada sosial we ykdysady kynçylyklar ýüze çykýandyr diýmek bilen polisiýanyň borjy jenaýatlaryň öňüne geçmek we bikanun herekete baş goşýanlaryň garşysynda durmakdyr diýip nygtady.

Eýranyň tertip-düzgün goraýjy güýjiniň serkerdesi serdar sertip pasdar Huseýin Aştari şeýle-de tertip-düzgüni, howpsuzlygy we durnuklylygy goramak polisiýanyň asly borçlaryndandyr diýmek bilen Eýran milletiniň hüşgärligi, mertebesi belent ýolbaşçynyň ýol görkezmeleri we Eýranyň howpsuzlyk we tertip-düzgün goraýjy we kazyýet güýçleriniň sazlaşykly hereketleri netijesinde durmuşda Eýran dünýäniň iň howpsyz ýurtlaryndandyr diýip sözüne goşdy.