Falahatpişe:Amerika syýasy taýdan Eýrany durnuksyzlaşdyrmagyň yzyndadyr
Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Amerika syýasy taýdan Eýrany durnuksyzlaşdyrmagyň yzyndadyr diýdi.
mejlisiň habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatolla Falahatpişe Norwegiýanyň Tehrandaky ilçisi Lars Norrodom bilen duşuşygynda Amerikanyň bir taraplaýyn şekilinde ýadro ylalaşygyndan çykanlygyna yşarat edip ýadro ylalaşygynyň goralmagy Ýewropa üçin ähmiýetlidir diýmek bilen Ýewropa ýurtlary öz howpsyzlyklaryny goramak üçin ýadro ylalaşygyny saklamalydyrlar diýip nygtady.
Falahatpişe şeýle-de Eýran bilen Norwegiýanyň gatnaşyklary Amerikanyň syýasatlaryndan täsir alan däldir we iki ýurt syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge köp mümkinçiliklerden paýlydyrlar diýip beýan etdi.
Norwegiýanyň Tehrandaky ilçisi Lars Norrodom hem bu duşuşykda soňky ýyllarda Eýran bilen Norwegiýanyň ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň ýüzi ösüşe tarap bolandyr diýip nygtap geçdi.
ol şeýle-de Ýewropa ýurtlary tarapyndan ýadro ylalaşygyň goralmagynyň zerurlygyny belläp geçdi.