Zarif: Amerikanyň gadaganlyklarynyň täsiri astynda Eýran sebitdäki syýasatyny üýtgetmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3580-zarif_amerikanyň_gadaganlyklarynyň_täsiri_astynda_eýran_sebitdäki_syýasatyny_üýtgetmez
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Tehran döwleti Amerikanyň gadaganlyklarynyň we haýbat atmalarynyň täsiri astynda sebitdäki syýasatyny üýtgetmez diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 13, 2018 16:58 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Amerikanyň gadaganlyklarynyň täsiri astynda  Eýran sebitdäki syýasatyny üýtgetmez

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Tehran döwleti Amerikanyň gadaganlyklarynyň we haýbat atmalarynyň täsiri astynda sebitdäki syýasatyny üýtgetmez diýip yglan etdi.

Muhammet jawad zarif Aljazire tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran bilen gepleşik geçirmek baradaky Amerikanyň teklibine yşarat edip Tehran döwleti wehimiň saýasynda Waşington bilen gepleşmez we Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň şertsiz Eýran bilen gepleşiklere girişmäge taýýarlygyny yglan etmegi diňe propagandalyk jähetinden yglan bolandyr diýip nygtady.

Amerika bilen her hili gepleşik Waşingtonyň başga döwletler bilen hormat esasynda çemeleşen we gadaganlyklary gyraga taşlan ýagdaýynda başlanjakdyr diýip Zarif sözüne goşdy.

Zarif sözüniň dowamynda Eýranyň raketa kuwwatlylygy öňüni alyş çäreler esasyndadyr diýmek bilen Eýran yslam respublikasy özüniň raketa programmasy barada hiç kim bilen gepleşik geçirmez sebäbi hiç kime howpdäldir diýip beýan etdi.

Muhammet jawad Zarif şeýle-de Eýranyň garşysynda Arap NATO-nyň döredilmegini netijesiz syýasat hasaplamak bilen bir wagtda Arabystanyň ýe,ene garşy hüjümlerine yşarat edip  Arabystan ýemende köp jenaýatlara baş goşýandyr we arap döwletleri onuň garşysynda parhsyz oturyp Arabystanyň jenaýatlaryna şärik bolýandyrlar diýip nygtap geçdi.