Hoşru:Eýran Ýemenli taraplaryň arasynda gepleşikleriň geçirilmegini garşylaýar
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili Golamali Hoşru Eýran Yslam Respublikasy Ýemenli taraplaryň arasynda gepleşigiň geçirilmegini garşylaýar diýip yglan etdi.
Golamali Hoşru Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretaryna we Howpsyzlyk Geňeşiniň başlygyna hat ýazyp 2216 we 2231 karar hatlaryny Eýran äsgerýän däldir diýip Al-Saud režiminiň toslamalaryny esassyz hasaplap Al-Saud režimi bu hilli toslamalary ara atyp Ýemendäki jenaýatlarynyň üstüni basyrjak bolýandyr diýip nygtady.
Hoşru şeýle-de Arabystanyň Ýemende amala aşyrýan jenaýatlarynyň netijeleri barada Birleşen Milletler Guramasyna we bu guramanyň Howpsyzlyk Geňeşine duýduryş berdi.
Hoşru sözüniň soňunda Eýran Yslam Respublikasynyň Ýemen barada teklip eden ýaraşyk taslamasyna yşarat edip Tehran döwleti bu toslamany amala aşyrmak üçin degişli taraplar bilen gepleşik geçirmäge taýýardyr diýip yglan etdi.