Amir Hatami:Eýran hiç bir ýurda göz garaltmaga rugsat bermez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3622-amir_hatami_eýran_hiç_bir_ýurda_göz_garaltmaga_rugsat_bermez
Eýranyň goranmak ministri Amir sartip Emir Hatami ýokary harby we goranyş mümkinçiligine eýe bolan EýranYslam Respublikasy hiç bir ýurda elgatyjylyk etmegine rugsat bermez diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 19, 2018 12:20 Asia/Ashgabat
  • Amir Hatami:Eýran hiç bir ýurda göz garaltmaga rugsat bermez

Eýranyň goranmak ministri Amir sartip Emir Hatami ýokary harby we goranyş mümkinçiligine eýe bolan EýranYslam Respublikasy hiç bir ýurda elgatyjylyk etmegine rugsat bermez diýdi.

Eýranyň tele radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amir Hatami Eýranyň birinji tele ýaýlymynda eden çykyşynda şu wagta çenli Eýran hiç bir ýurda garşy hüjüme geçen däldir we hiç bir ýurda göz garaldan däldir diýmek bilen Eýranyň ýaragly güýçleri Eýran Yslam Respublikasynyň howpsyzlygynyň jogapkäridirler we ýurdyň ysasy bähbitlerini hem goraýandyrlar diýip nygtady.

Eýranyň goranmak ministri sözüniň dowamynda üstümizdäki ýylyň deslapky ýarymynda Eýranda raketa kuwwatlylygyň ýokarlandyrylmagy gün tertipde goýulandyr diýmek bilen Fateh Mobin raketasy Eýranyň ýaragly güýçleriniň täze gazanan üstünligidir diýip yglan etdi.

Amir Hatami şeýle-de gury ýer we howa goranyň ugurlarda hem Eýranyň ýaragly güýçleri gowy üstünlikleri el-gerendirler diýip sözüne goşdy.