Ruhani:Eýran milleti agzybirlik bilen duşmanlaryň pitnelerini güýçden düşürendir
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani döwlet toparynyň agzalary bilen Yslam Ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Homeini(rh) hezretleriniň mazaryna baryp onuň belent maksatlaryna ygrarlydyklaryny ýaňadan yglan etdiler.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä.şu gün prezident Ruhani döwlet hepdesiniň 2-nji gününde Ymam Homini(rh)hezretleriniň mazaryna gul dessesini goýmak we aýat töwhir okamak bilen bir wagtda onuň belent maksatlaryna wepalidigini yglan etdi.
prezident Ruhani we döwlet toparynyň agzalary şeýle-de Eýran häkemiýetiniň salasyny saýgaryş ýygnagynyň oňki başlygy aýatulla Akbar Haşami Rafsanjaniň,yslam ynkylabynyň şehitleriniň şol sanda Eýranyň öňki prezidenti Muhammet ali Rajaýi,öňki premýer-ministri Muhammet jawad Bahonaryň hemde Muhammet Huseýin Beheştiň hakynda aýat töwhir okadylar.
prezident Ruhani bu ýerde eden çykyşynda Eýran milleti agzybirlik we çydamlylyk bilen Sionist režiminiň we Amerikanyň pitnelerini güýçden düşürendir diýip nygtady.
Eýranyň döwlet baş tutany sözüniň dowamynda bu günler Eýranyň agyr günlerindendir oňa görä duşmanlaryň garşysynda durmak bütin Eýranlylaryň borjydyr we Eýran milletiniň birleşigi bilen bu kynçylyklardan hem baş ýokary çykjakdygyna şek-şübhe ýokdyr diýip beýan etdi.