Eýran bilen Fransiýanyň prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani Fransiýanyň prezidenti Emanuel makron bilen geçiren telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň birtaraplaýyn şeklinde ýadro ylalaşygyndan çykanlygyna yşarat edip bu ylalaşygyň başga taraplary ýadro ylalaşygyny goramak ugurdaky programmalaryny açyklap oňa badalga bermelidirler diýidi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Emanuel makron bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Eýran ýadro ylalaşygyň goralmagyny isleýändir emma egerde maliýe, nebit, töleg we tranzit meseleleri baradaky kepillikleri bermekde Ýewropanyň programmasy belli bolmasa Tehran döwleti başga hereketlere baş goşjakdyr diýip yglan etdi.
Fransiýanyň prezidenti Emanuel makron hem Pariž döwleti Tehran bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň yzyndadyr we ýadro ylalaşygyny goramak ugurda hem öz borçlaryna hem amal etjekdir diýip yglan etdi.