mertebesi belent ýolbaşçy: Amerikanyň jogapkärleri bilen hiç hili gepleşik geçirilmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3703-mertebesi_belent_ýolbaşçy_amerikanyň_jogapkärleri_bilen_hiç_hili_gepleşik_geçirilmez
yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Amerikalylar bilen hiç hili gepleşigiň geçirilmejekdigini aýdyp açaçanlykda Eýrana garşy duşmançylyk edip duran Amerikanyň şu wagtky suwumsyz we ýigrenji jogapkärleri bilen hiç hili gepleşik geçirilmez diýip yglan etdiler.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Aug 29, 2018 14:37 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy: Amerikanyň jogapkärleri bilen hiç hili gepleşik geçirilmez

yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Amerikalylar bilen hiç hili gepleşigiň geçirilmejekdigini aýdyp açaçanlykda Eýrana garşy duşmançylyk edip duran Amerikanyň şu wagtky suwumsyz we ýigrenji jogapkärleri bilen hiç hili gepleşik geçirilmez diýip yglan etdiler.

şu gün yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Eýranyň prezidenti hasan Ruhani we döwlet toparynyň agzalary bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen gepleşik geçirmek Amerikanyň bütin döwletleriniň geregidir diýmek bilen Amerikalylar biz Eýrany gepleşikler stolyň başyna getirdik diiýp dünýä yglan etjek bolýarlar emma mundan ozal jikme-jigi bilen beýan edişim ýalyAmerika bilen hiç hili gepleşik geçirilmez diýip nygtadylar.

yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň günbe-günden gowylaşyp barýanlygyna şeýle-de Ýewropa ýurtlary bilen saklanýan gatnaşyklara yşarat edip Ýewropa bilen gatnaşykda bolmagyň we gepleşikleri dowam etdirmegiň zyýany ýokdyr emma bu işi dowam  etdirmek bilen bir wagtda ýadro ylalaşygy we ykdysadyýet ýaly meseleler hakda olardan tamaňyzy üzmelidrsiňiz diýip beýan etdiler.

yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygy we gadaganlyklar ýaly meseleler baradaky Ýewropalylaryň amatsyz boluşlaryny tankyt edip olaryň wadalaryna şekli garap meseleleriň ileri baryşy çynlakaýlyk bilen goralmalydyr diýip nygtadylar.

yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri ýadro ylalaşygy milli bähbitleri goramak üçin bir abzal hasaplamak bilen ýadro ylalaşygy maksat däl-de eýsem bir abzaldyr we egerde bi abzal bilen netijä ýetip bilmejegimizi bilsek ony gyraga taşlajakdyrys diýip yglan etdiler.

yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Ýewropalylar Eýranly jogapkärleriň sözlerinden we amallaryndan olaryň edýän hereketlerine amatly gaýtawul beriljekdigini düşünmelidirler diýip beýan etdiler.

yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň soňunda Eýranda ykdysadyýeti dolandyrmagyň zerurlyklaryna hemde Eýranyň köp ykdysady mümkinçiliklerine yşarat edip hemde halkara merkezleriň hasabatlaryna salgylanyp haýyrlanylmadyk mümkinçilikler babatly Eýran dünýäde birinji orunda ýerleşendir diiýp nygtap geçdiler.