Seddigi: Sepah Pasdaranyň raketalary sebit we sebitaşa duşmanlara duýduryşdyr
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatol Yslam welmoslemin Kazem Seddigi Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Yrak Kürdüstanyndaky terrorçy toparjyklaryň başlyklarynyň mejlis guran mekanyna garşy amala aşyran raketa hüjümine yşarat edip bu hereket Eýranyň aňtaw kuwwatlylygyny dünýä görkezendir we sebitdir sebitaşa duşmanlara duýduryş hasaplanýandyr diýip nygtady.
şu gün Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatol Yslam welmoslemin Kazem Seddigi Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde uruşdan we gadaganlyklardan gorkmak aşy aýynyň medeniýetine garşydyr diýmek bilen Eýran milleti 40 ýyl bäri aşura ýolynda bolup gudratlaryň garşysynda durup olary şowsuzlyga uçradandyr diýip beýan etdi.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatol Yslam welmoslemin Kazem Seddigi sözüniň dowamynda lukmançylyk, NANO, goranyş we senagat ugurlardaky Eýranyň ösüşlerine yşarat edip 8 ýyllap töňkelen uruşy çydamlylyk bilen başdan geçiren millet birnäçe günlik ykdysady kynçylyklary dartgynlylyk hasaplaýandäldir we bu kynçylyklary hem başdan geçirjekdir diýip nygtady.