Larijani: öz başarjaňlyklaryňa daýanmak ýaragly güýçleriň ösüşiniň ýekeje ýoldyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani öz başarjaňlyklaryna daýanmaklygy Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýöriteliklerinden hasaplmak bilen 8 ýyllyk mukaddes gorag döwrüniň tejribesi öz başarjaňlyklaryňa daýanmak ýaragly güýçleriň ösüşiniň ýekeje ýolydygyny belli etdi diýip yglan etdi.
şu gün Ali Larijani mukaddes gorag hepdesiniň birinji gününde Bandar Abbas şäherinde Eýranyň ýargly güýçleriniň ýöriş dabarasynda eden çykyşynda Eýranyň ýaragly güýçleri her zamandan gowrak ýurdy goramaga taýýardyrlar we bu kuwwatlylyk hem hiç bir döwlet tarapyndan berilendäldir belkide Eýran milletiniň çydamlylygynyň we mertebesi belent ýolbaşçynyň ýol görkezmeleriniň netijesidir diiýp nygtady.
Eýran Yslam respublikasy her bir gudratyň öňünde durup biljek ýaragly güýçlere eýedir diýip Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani sözüne goşdy.
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani şeýle-de Amerika döwleti sebit ýurtlaryny Eýrandan gorkuzjak bolýandyr diýmek bilen emma Pars aýlagyň ýakasynda ýerleşen ýurtlar Amerikanyň sebit ýurtlarynyň haýyryny islemeýänligini bilsinler diýip beýan etdi.
Amerika yslamyň duşmanlary adynda sebit ýurtlarynyň baýlyklara talaň salmagyň yzyndadyr diýip Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani sözüne goşdy.