Waezi: Netanýahu bilen Tramp hyýaldadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3866-waezi_netanýahu_bilen_tramp_hyýaldadyr
Eýranyň prezidentlik gullugynyň başlygy Mahmud Waezi Sionist režimiň premýer ministri Benýamin netanýahuny hemde Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda aýdan gürrüňlerini hyýal hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 30, 2018 08:24 Asia/Ashgabat
  • Waezi: Netanýahu bilen Tramp hyýaldadyr

Eýranyň prezidentlik gullugynyň başlygy Mahmud Waezi Sionist režimiň premýer ministri Benýamin netanýahuny hemde Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda aýdan gürrüňlerini hyýal hasaplady.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň prezidentlik gullugynyň başlygy Mahmud Waezi Sionist režimiň premýer ministri Benýamin netanýahuny sözleriniň hyrydary ýokdyr we onuň Eýrana garşy sözleri dünýä derejesindäki Eýranyň abraýyna şikes ýetirip bilmez diiýp nygtady.

Sionist režimiň premýer ministri Benýamin netanýahu BMG-nyň umumy ýygnagynda eden çykyşynda Tehraniň golaýynda gizlin ýadro merkezi bardyr diýip toslady.

Eýranyň prezidentlik gullugynyň başlygy Mahmud Waezi Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda aýdan gürrüňlerine başga ýurtlaryň başlyklarynyň gülendiklerine yşarat edip Amerikanyň ilaty döwlet baştutanlarynyň ýaňsylanmagyna sebäp bolan gürrüňleri aýtmagy babatly närahatdyrlar diýip nygtady.

Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda aýdan gürrüňlerinde baştutanlygyndaky döwletiniň gazananlaryny Amerikanyň öňki döwletleriniň gazananlaryndan ýokarda bildi we başga ýurtlaryň başlyklary hem oňa güldiler.