Eýranyň teleradio guramasynyň başlygy Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3909-eýranyň_teleradio_guramasynyň_başlygy_türkmenistanyň_daşary_işler_ministri_bilen_duşuşdy
2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisine (ABU) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada baran Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen gepleşikler geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 05, 2018 18:06 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň teleradio guramasynyň başlygy Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisine (ABU) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada baran Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Yzygiderli dürli derejelerdäki türkmen-eýran duşuşyklary we gepleşikleri taraplaryň iki ýurtlaryň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda diýen ýaly dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge çalyşýandyklarynyň subutnamasydygy bellenildi.

Şeýle hem taraplar KHBS ulgamynda geljekde hem medeni hyzmatdaşlygy iniňşjeňleşdirmek barada gyzyklanmasyny bildirdiler.

ýranyň teleradio guramasynyň başlygy doktor Abdolali Ali Askari bu duşuşykda bilelikde kino filmleri , telefilmleri hemde dokomental filmleri bejermek ugurda Eýranyň teleradio guramasynyň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyny yglan etdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri reşit meredow hem bu duşuşykda  doktor Abdolali Ali  gysga möhleti Askariniň trklibini garşylamk bilen bir wagtda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ýokary okuw jaýynyň saýlanan talyplaryny gysga möhletli kurslary geçirmek üçin Eýranyň teleradio ýokary okuw jaýyna ibermäge taýýarlygyny yglan etdi.