Abdolali Ali Askari Türkmenistan we Hindistanyň teleradio guramalarynyň başlyklary bilen duşuşdy
Türkmenistan we Hindistanyň teleradio guramalarynyň başlyklary Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen geçiren duşuşyklarynda medeni hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
Hindistanyň teleradio guramalarynyň başlygy Surpiýa Sahu şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen geçiren duşuşygynda film, serial we dokomentla filmleri bejermek ugurda bilelikde hyzmatdaşlyk edilmegini isledi.
Türkmenistanyň teleradio guramasynyň başlygy Merdan Garlyýew hem ýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň teleradio guramasynyň ýokary mümkinçiliklerine yşarat edip onuň tejribelerinden haýyrlanmaga ykjamdygyny aýtdy.
Merdan Garlyýew şeýle-de Eýranda bejerlen filmleriň we seriallaryň Türkmenistanyň tele ýaýlymynda efire berilmegini garşylady.