Zangane:hiç bir ýurt Eýranyň nebitiniň öwezini dolup başarmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3926-zangane_hiç_bir_ýurt_eýranyň_nebitiniň_öwezini_dolup_başarmaz
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane Eýranyň her çelek nebitiniň ýerini Arabystan iki çelek nebit bilen doldurjakdyr diýip bu ýurdyň mirasdüşeri Muhammet Bin Salmanyň toslamasyna yşarat edip Saud Arabystan ýa-da başga hiç bir ýurt Eýranyň eksport edýän nebitiniň ýerini dolduryp başarmaz diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 08, 2018 19:38 Asia/Ashgabat
  • Zangane:hiç bir ýurt Eýranyň nebitiniň öwezini dolup başarmaz

Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane Eýranyň her çelek nebitiniň ýerini Arabystan iki çelek nebit bilen doldurjakdyr diýip bu ýurdyň mirasdüşeri Muhammet Bin Salmanyň toslamasyna yşarat edip Saud Arabystan ýa-da başga hiç bir ýurt Eýranyň eksport edýän nebitiniň ýerini dolduryp başarmaz diýip nygtady.

Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane sözüniň dowamynda Muhammet Bin Salmanyň ýaňky gürrüňi Amerikanyň prezidentiniň basyşlary netijesindedir diýmek bilen bu hili toslamalaryň Donald Trampy razy edip bilmegi mümkindir emma nebit bazary hiç haçan oňa ynanmaýar diýip beýan etdi.

nebitiň gymmatynyň ýokarlanmagy bazarda nebitiň azalandygyna şaýatlyk edýändir diýip Zangane sözüne goşdy.üstümizdäki hepde-de nebitiň bahasy çelek başyna 86 dollara ýetendir.

Amerika ýadro ylalaşygyndan çykmak bilen Eýrana garşy gadaganlyklaryny gaýtadan ýöredip başlajakdygyny yglan etmek bilen Eýrandan nebit satyn almaklygy dowam berýän ýurtlara garşy hem gadaganlyklary amala aşyrjakdygy barada haýbat atdy.