Eýran bilen Ýewropanyň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3958-eýran_bilen_Ýewropanyň_hyzmatdaşlyklarynyň_ösdürilmegi
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Belgiýanyň Tehrandaky täze ilçisi Weronik Pety bilen geçiren duşuşygynda Eýran Yslam respublikasynyň Ýewropa ýurtlary şol sanda belgiýa bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 16, 2018 15:32 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Ýewropanyň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Belgiýanyň Tehrandaky täze ilçisi Weronik Pety bilen geçiren duşuşygynda Eýran Yslam respublikasynyň Ýewropa ýurtlary şol sanda belgiýa bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny yglan etdi.

prezident Hasan Ruhani  Weronik Petynyň ynanç hatyny kabul eden mahaly beren gürrüňlerinde Eýran bilen belgiýanyň gowy we gadymy gatnaşyklaryna yşarat edip bu gatnaşyklaryň  gerimini giňeltmek ugurda hiç hili böwet ýokdyr diýip nygtady.

Weronik Pety hem bu duşuşykda ýadro ylalaşygyny halkara derejesinde uly ylalaşyk hasaplamak bilen bir wagtda Ýewropa bileleşigi we belgiýa döwleti ýadro ylalaşygyny goramak ugurda bar tagallasyny edip durandyrlar diýip yglan etdi.