FATF toparynyň täze tutumyny Eýran garşylady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3974-fatf_toparynyň_täze_tutumyny_eýran_garşylady
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili FATF ýada maliýe işleri boýunçça ýörite toparyň garşylykly agyr maliýe çärelere gabat getirilmeli ýurtlar listesine Eýranyň goşulmagyny yza oklmak baradaky tutan tutumyny garşylady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 20, 2018 18:22 Asia/Ashgabat
  • FATF toparynyň täze tutumyny Eýran garşylady

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili FATF ýada maliýe işleri boýunçça ýörite toparyň garşylykly agyr maliýe çärelere gabat getirilmeli ýurtlar listesine Eýranyň goşulmagyny yza oklmak baradaky tutan tutumyny garşylady.

Bahram Gasemi FATF toparynyň täze tutumyny Amerikanyň giň gerimde amala aşyrýan tagallalarynyň garşysynda Eýranyň diplomatiýasy üçin ýene bir üstünlik hasaplap Amerika FATF-iň döwürleýin başlygy adynda we Arabystandyr sionist režimiň arkalaşygy bilen Eýrany bu toparyň gara listesine goşjak bolup tagalla etdiler emma olaryň tagallary şowuna bolmady diýip nygtady.

Gasemi şeýle-de FATF toparyň agzalarynyň aglabasynyň Amerikanyň täsiri astynda galmandyklary babatly hoşallygyny beýan etmek bilen bir wagtda Eýranyň edýän işleriniň kämil şeklinde nazara alynmaýanlygyny tankyt etdi. FATF syýasy maksatlardan daşlaşmalydyr diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüne goşdy.