Hoşru dünýäni halkara adalatçylyk sudynyň hökümine amal etmäge çagyrdy
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili halkara köpçüligini halkara adalatçylyk sudynyň Eýranyň Amerika garşy gozgan arzasy barada çykaran hökümine amal etmäge çagyrdy.
Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan we Eýrana garşy ýadro gadaganlyklary ýaňadan amala aşyryp başlamagyndan soňra halkara adalatçylyk sudynda Eýran Amerika garşy arza gozgady.
halkara adalatçylyk sudy 2018-nji ýylyň 3-nji Oktýabrynda Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran derman,azyk we howa gadaganlyklaryny aýyrmaga höküm etdi.
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili Golamali Hoşru düýn günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda eden çykyşynda halkara adalatçylyk sudynyň Amerika garşy çykaran hökümine yşarat edip başga döwletlerden Amerikanyň bikanun gadaganlyklaryna goldaw bermekden saklanmaklaryny isledi.
şol bir wagtda halkara adalatçylyk sudynyň başlygy Abolgawi Ýüsüp hem Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda eden çykyşynda Amerika 1955-nji ýylda Eýran bilen gol çeken dostlyk şertnamasyny bozandyr diýip nygtap geçdi.