Tehran,Ankara we Baky döwletleriniň sebit kynçylyklaryny çözmek baradaky eradalary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4025-tehran_ankara_we_baky_döwletleriniň_sebit_kynçylyklaryny_çözmek_baradaky_eradalary
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tehran,Ankara we Baky döwletleri sebit kynçylyklaryny çözmek üçin bilelikde berk yrada gulluk edýändirler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 30, 2018 14:22 Asia/Ashgabat
  • Tehran,Ankara we Baky döwletleriniň sebit kynçylyklaryny çözmek baradaky eradalary

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tehran,Ankara we Baky döwletleri sebit kynçylyklaryny çözmek üçin bilelikde berk yrada gulluk edýändirler diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkiýe we Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministrleri bilen geçiren habar konferensiýasynda Tehran,Ankara we Baky döwletleri hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmak,ilatyň gün güzeranyny gowlandyrmak we sebit dawalaryny parahatçylykly ýoldan çözmek barada bilelikde berk yrada gulluk edýändirler diýip yglan etdi.

Zarif şeýle-de Amerikanyň bir taraplaýyn hereketlerini ýazgaryp ýadro ylalaşygyny goldamak baradaky sebit ýurtlarynyň ileri süren pozisiýalary babatly minnetdarlygyny bildirdi.Zarif şeýle-de Türkiýäniň milli gününi gutlady.

Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Eýran,Türkiýe we Azerbaýjan Respublikasy ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda gowy mümkinçiliklerden paýlydyrlar diýip nygtap geçdi.

Eýranyň,Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň 3 taraplaýyn 6-nji maslahaty şu gün Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirildi.