Jahangiri Yragyň prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4029-jahangiri_yragyň_prezidenti_bilen_telefon_arkaly_söhbetdeş_boldy
Arbaein ýol ýörüşligine gatnaşmak üçin Yragyň Najaf şäherine sapar eden Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eshak Jahangiri şu gün Yragyň prezidenti Barham Saleh bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurdyň köp ugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 30, 2018 19:27 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri Yragyň prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Arbaein ýol ýörüşligine gatnaşmak üçin Yragyň Najaf şäherine sapar eden Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eshak Jahangiri şu gün Yragyň prezidenti Barham Saleh bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurdyň köp ugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtady.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eshak Jahangiri Barham Salehi täze wezipesi bilen gutlady we ony Eýrana sapara çagyrdy.

Barham Saleh hem Ymam Huseýin(a)yň zyýaratçylaryna Eshak Jahangiriň goşulanlygy babatly hoşallygyny beýan etmek bilen bir wagtda Yragyň döwleti we milleti  Arbaein çärelerini ulydan ulyrak tutmaklygy özlerine borç we buýsanç bilýändirler diýip yglan etdi.

Yragyň prezidenti şeýle-de dost we goňşy bolýan Eýran bilen Yragyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtady.