Falahatpişe:Daniýanyň Eýrana garşy toslamasy ýalandyr
Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatollah Falahatpişe Daniýanyň resmileri terrorçy toparlaryň başlyklarynyň bu ýurtda huzurly bolmaklary babatly jogapkärdirler diýdi.
Heşmatollah Falahatpişe sözüniň dowamynda Daniýada ýaşaýan Eýrana garşy toparyň başlygyna garşy başa barmadyk terror hereketi Eýranyň işidir diýip Daniýanyň resmileriniň toslamalaryny ret edip Daniýanyň döwleti bu ýurtda ýaşaýan terrorçylaryň öňüne geçmezden öňünden gaçmak we Amerika döwletiniň Eýrana garşy hereketlerine ýardym etmek maksady bilen puç toslamany ara atyp durandyr diýdi.
Eýranyň mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy sözüniň dowamynda käbir terrorçy toparlaryň serkerdeleriniň ýewropa ýurtlarynda ýerleşendiklerine we ýaşaýandyklaryna yşarat edip olar sosial medialar arkaly amala aşyran şol sanda Ahwaz şäherindäki ýerine ýetiren terrorçylykly hereketlerini boýun alýandyrlar diýdi.
şol bir wagtda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif tweter sahypasynda Daniýanyň Eýrana ýapan aýyplamasy Ysraýyl režiminiň içalylyk guramasynyň (MOSSAD) mekirli hileleriniň çarçuwasyndadyr diýip yglan etdi.
bu hilli hereketler diňe dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky Eýran milletiniň yradasyny berkitýändir diýip Zarif nygtady.
Şwesiýa,Norwegiýa,Finlýandiýa we Islandiýa ýurtlaryň daşary işler ministrleri düýn bir beýannama boýunça Daniýanyň Eýrana garşy toslamasyny goldadylar.
sişenbe güni ikindin Kopenhak döwleti hiç hilli senedi ileri sürmezden Tehran döwletini Daniýada bir terrorçylykly hüjüme baş goşmak ugurda tagalla etmekde aýyplamak bilen bir wagtda Eýranyň ilçisini hem çagyrandyr.Daniýa döwleti şeýle-de Eýrandaky ilçisini hem maslahata çagyrandyr.
Eýranyň daşary işler ministrligi Daniýanyň ýapan aýyplamasyny duşmançylykly hasaplap ony ret edendir.