Şamhani:Sionist režiminiň mekirli hereketleri Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklaryna täsiri bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4065-Şamhani_sionist_režiminiň_mekirli_hereketleri_eýran_bilen_orsýetiň_hyzmatdaşlyklaryna_täsiri_bolmaz
Eýranyň milli howpsyzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Tehran bilen Moskwanyň ýygy hyzmatdaşlyklary we meňzeş boluşlary Sionist režiminiň negatiw işleriniň Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklaryna täsiriniň ýoklygyny mälim edýändir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 05, 2018 13:21 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:Sionist režiminiň mekirli hereketleri Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklaryna täsiri bolmaz

Eýranyň milli howpsyzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Tehran bilen Moskwanyň ýygy hyzmatdaşlyklary we meňzeş boluşlary Sionist režiminiň negatiw işleriniň Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklaryna täsiriniň ýoklygyny mälim edýändir diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Ali Şamhani Tehranda Orsýetiň prezidentiniň Siriýa işleri baradaky ýörite wekili Aleksander Lawrentiew bilen geçiren duşuşygynda Siriýadaky şowsyzlyklarynyň ýerini dolmak üçin kä ýurtlaryň syýasy abzallardan peýdalanýandyklaryna yşarat edip esasy kanuny bolmadyk we ylalaşyklary bir taraplaýyn bozýan ýurtlar Siriýa ilatynyň bähbitleri we sebitiň howpsyzlygy ugurda hoşniýetli bolup bilmez diýip beýan etdi.

Şamhani şeýle-de Eýran bilen Orsýet özara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekde ugurda tagalla etmeden aýry terrorizme garşy göreşmek ugurda Siriýanyň goşun güýçlerini pugtalandyrmakda hem arkalaşýandyrlar diýdi.

Amerikanyň dünýäde amala aşyrýan gadaganlyklary bu ýurdyň zor aýdyjy hereketlerine soň bermek üçin halkara köpçüligine uly pursatdyr diýip Şamhani sözüne goşdy.

Orsýetiň prezidentiniň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Aleksander Lawrentiew hem bu duşuşykda Siriýada parahatçylygy berkarar etmek ugurdaky syýasy gidişde Eýranyň önjeýli rolyny goldap Siriýada Tehran bilen Moskwanyň syýasy we howpsyzlyk hyzmatdaşlyklarynyň dowam etmegi Orsýetiň islegidir diýdi.

Lawrentiew şeýle-de Amerikanyň Eýrana garşy bikanun gadaganlyklarynyň garşysynda Orsýetiň Eýrany goldaýanlygyny yglan etdi.