Zarif: ýadro meselesi barada ýaňadan Amerika bilen gepleşik geçirilmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4198-zarif_ýadro_meselesi_barada_ýaňadan_amerika_bilen_gepleşik_geçirilmez
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif ýadro ylalaşygyny goldamak bilen bir wagtda Eýran yslam respublikasy ýadro meselesi barada ýaňadan Amerika bilen gepleşik geçirmez diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 23, 2018 17:04 Asia/Ashgabat
  • Zarif: ýadro meselesi barada ýaňadan Amerika bilen gepleşik geçirilmez

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif ýadro ylalaşygyny goldamak bilen bir wagtda Eýran yslam respublikasy ýadro meselesi barada ýaňadan Amerika bilen gepleşik geçirmez diýip yglan etdi.

Muhammet Jawad zarif Rom şäherinde geçirlen Ortaýer deňizi boýunça gepleşiklerinde eden çykyşynda Eýran bilen täze döwür ýadro gepleşikleri geçirmek ugurdaky Amerikalylaryň tagallalaryna yşarat edip ýadro ylalaşygy gowy ylalaşykdyr we Eýran Yslam respublikasy özüniň atom programmasy barada ýaňadan Amerika bilen gepleşik geçirmez diýip nygtady.

Eýran 6 ýurt bilen bilelikde 12 ýyllap geçiren gepleşikleriniň netijesindeýadro ylalaşygy elgerendir we indi ýewropa we ýadro ylalaşygyň başga taraplary bütindünýä howpsyzlygy üçin çykdajy etmelidirler diýip Zarif sözüne goşdy.