Zarif:Eýran ýadro ylalaşykdan çykmak hakdan paýlydyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikany ygrarsyz hasaplamak bilen Eýran ýadro ylalaşygyndan çykyp orany baýlaşdyrmak işlerini ýaňadan başlamaga haklydyr sebäbi Waşiňton döwleti bu halkara ylalaşygy bozandyr diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Italiýanyň Rai News24 tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran bilen söwda etmezlik we Eýrana garşy gadaganlyklar bilen Ýewropanyň hemralyk etmekligi baradaky Amerikanyň isleglerini esassyz hasaplap Ýewropa häkimiýetiniň garaşsyzlygyny isleýän bolsa Amerikanyň islegleriniň garşysynda durmalydyr diýip nygtady.
egerde öz isleglerine ýetmek üçin zor aýdyja rugsat berilse zor aýdyjylyk hiç haçan tükenmez diýip Zarif sözüne goşdy.
Zarif şeýle-de Ýewropanyň howpsyzlygy üçin ýadro ylalaşygyň ýokary ähmiýet eýedigini aýdyp Ýewropa gowy çäreleri nazara alandyr emma özünüň howpsyzlygy barada maýa goýum etmäge taýýar bolan däldir diýip nygtap geçdi.
Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda täze gadaganlyklaryň amala aşyrylmagy bilen Eýran gepleşik geçirmäge mejbur boljakdyr diýip Trampyň ham hyýallaryna yşarat edip Donald Trampyň Orta Gündogar boýunça syýasatlary umuman ýalňyş syýasatlar we puç hyýallar esasynda düzülendir diýmek bilen ýadro ylalaşygyndan Eýran dälde eýsem Amerika çykandyr diýdi.