Ruhani: Eýran, bütin musulmanlara dostlyk elini uzadýandyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran, bütin musulmanlara dostlyk we doganlyk elini uzadýandyr diýdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani yslam ynkylabynyň mertebeasi belent ýolbaşçysynyň ýurdyň jogapkärleriniň we yslam birleşigi boýunça 32-nji konferensiýa gatnaşan myhmanlaryň arasynda eden çykyşyndan öňürti beren gürrüňlerinde duşmanlar Eýrandan, yslam ynkylabyndan öňki ýaly amal etmegini we sebitiň zulum astyndaky milletlerini goldamazlygyny isleýär emma Eýran Yslam respublikasy yslam pygamberine eýerip gudratlaryň tekfirinden we gadaganlyklaryndan gorkmaz diýip nygtady.
Ruhani şeýle-de Eýran Yslam respublikasy goňşylaryny dogan ýaly we sebitiň amanlygyny öz amanlygy ýaly görýändir diýmek bilen tekfiriler arkaly sebitiň durnyksyzlaşdyrmak we gadaganlyklar arkaly Eýran milletine basyş bermek baradaky duşmanlaryň pitneleri şowsuzlyga uçrandyr diýdi.