yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy yslam dünýäsiniň birleşmegini nygtadylar
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri yslam dünýäsi diňe agzybirlik we ýürekdeşlik bilen pitnelere üstem çykyp başarjakdyr diýdiler.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Eýran jogapkärleriniň, yslam birleşigi atly 32-nji halkara konferensiýa gatnaşyjylaryň, musulman ýurtlaryň ilçileriniň hemde ilatyň dürli gatlaklarynyň arasynda saýlanan şahsyýetlere we din alymlaryna garap başardygyňyzdan sebitde yslam oýalygyny we çydamlylygyny pugtalandyryň sebäbi sebitiň halas bolmagynyň ýekeje ýoly şu pikir we ruhyýedir diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda uly gudratlaryň musulman milletleriň oýalygyndan gorkýandyklaryna yşarat edip yslamyň, ilatyň janyna we ruhyna ornan ýerinde eziji düzgün şarpyk iýendir we sebitde ýene bir gezek hem yslam oýalygyndan şarpyk iýjekdir diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şeýle-de sebitde yslama we Gurhana eýermegiň ýerine Amerika eýerýän ýurtlara yşarat edip Amerika döwleti ezijilik häsiýeti esasynda bu ýurtlary harlaýandyr we hemmeleriň görşi ýaly Amerikanyň paňkelle prezidenti Saud häkimlerini süýtli sygyra meňzedendir diýip sözüne goşdylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri bu hili kemsitmeleri Arabystan ilatyna hemde sebit milletlerine hormatsyzlyk etmekdir diýmek bilen käbir musulman ýurtlaryň häkimleri Palestina we Ýemende baş goşan jenaýatlarynda Amerika bilen sionist režimine goldaw berendirler emma Palestina we ýemen milletleriniň üstünlik gazanjakdygyna şek-şübhe ýokdyr we Amerika döwleti we oňa eýerýän döwletler şowsuzlyga uçrajakdyrlar diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Amerika we sionist režimi öňkilerden gaty ejizlenendirler diýmek bilen näçe ýyl mundan ozal sionist režimi 33 günlik uruşda Hizbollanyň garşysynda şowsuzlyga uçrady we ondan iki ýyl soňra hem Palestinalylaryň garşysynda diňe 22 günläp çydap başardylar elbetde Gazanyň soňraky urşynda diňe 8 gün çydap başardylar diýip beýan etdiler.