Yslam Birleşigi boýunça 32-nji halkara konferensiýasynyň soňky beýannamasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4226-yslam_birleşigi_boýunça_32_nji_halkara_konferensiýasynyň_soňky_beýannamasy
Yslam Birleşigi boýunça 32-nji halkara konferensiýa Kudus ymmatyň birleşiginiň esasy ady bilen öten agşam bir beýannama boýunça öz işini tamamlady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 27, 2018 18:31 Asia/Ashgabat
  • Yslam Birleşigi boýunça 32-nji halkara konferensiýasynyň soňky beýannamasy

Yslam Birleşigi boýunça 32-nji halkara konferensiýa Kudus ymmatyň birleşiginiň esasy ady bilen öten agşam bir beýannama boýunça öz işini tamamlady.

bu konferensiýa gatnaşyjylar Palestinanyň maksady yslam ymmatynyň esasy meselesidir we yslam dünýäsiniň birinji duşmany basyp alyjy Sionist režimidir oňa görä bütin tagallalar bu režime garşy göreşmek ugurda gönükdirilmelidir diýip nygtadylar.

olar şeýle-de musulmanlaryň agzybir bolmaklaryny,duşmany saýgarmak arkaly içeriki we sebitdäki dawalaryň çözülmegini we agzalalyklary taşlap meňzeşliklere üns berilmegini nygtap geçdiler.

Yslam Birleşigi boýunça 32-nji halkara konferensiýa gatnaşan ulamalar asryň söwdasy atly Amerikanyň ileri sürýän taslamasyna,Sionist režiminiň şäherçe gurluşyk işleriniň dowam etmegine,Palestinalylaryň watana dolanmak hakynyň bozulmagyna,Kudusyň we al-aksa metjidiň jöhitleşdirilmegine we Sionist režimiň paýtagtynyň Kudusa geçirilmegine garşydyklaryny yglan etdiler.

olar şeýle-de öz ilçihanasyny Tel-Awiw-den Kudusa geçirmek baradaky Amerika döwletiniň tutan tutumyny ýazgarmak bilen bir wagtda Kudus şäheriniň parahatçylygyň,dinleriň we dürli Siwilizasiýalaryň şäheri adynda goralyp saklanmagyny nygtadylar.

Yslam Birleşigi boýunça 32-nji halkara konferensiýa gatnaşan şeýle-de bütin ugurlarda şol sanda syýasat,bezirgenlik,medeniýet we sport ugurlarda Sionist režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyny ýazgardylar.

Yslam Birleşigi boýunça 32-nji halkara konferensiýasy Tehranda 81 ýurtdan jemi 350 myhmanyň gatnaşmagynda şenbe güni başlandy we duşenbe gijesi tamamlandy.