Zarif Žnewada Owganystan döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4227-zarif_Žnewada_owganystan_döwletiniň_ýerine_ýetiriji_başlygy_bilen_duşuşdy
Owganystan konferensiýasyna gatnaşmak üçin Ženewa sapar eden Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdulla Abdulla bilen geçiren duşuşygynda bu konferensiýanyň iş buýrugy we terrorizme garşy söweş barada gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 27, 2018 19:22 Asia/Ashgabat
  • Zarif Žnewada Owganystan döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy bilen duşuşdy

Owganystan konferensiýasyna gatnaşmak üçin Ženewa sapar eden Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdulla Abdulla bilen geçiren duşuşygynda bu konferensiýanyň iş buýrugy we terrorizme garşy söweş barada gürrüň etdi.

Zarif bilen Abdulla Abdulla bu duşuşykda şeýle-de Owganystanyň soňky özgerişleri şol sanda bu ýurda ýaraşyk gidişi barada pikir alyşdylar.

Owganystan baradaky iki günlük konferensiýa şu gün dünýäniň 60 ýurdynyň ýokary derejeli resmileriniň hemde halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Birleşen Milletler Guramasy we Owganystan döwletiniň gonakdarlygynda Ženewa şäherinde başlandy.

bosgunlar meselesi,neşe maddalar,gurakçylyk we daşky gurşaw hemde zenanlaryň ýagdaýyny gowlaşdyrmak Ženewa konferensiýasynda ara alynyp barlanyljak mowzuklardandyr.

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani we bu ýurdyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdulla Abdulladan aýry Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini hemde Owganystanyň goňşylarynyň ýokary derejeli ministrleri,Orsýet,Germaniýa,Şwesiýa we Britaniýanyň daşary işler ministrleri hem Ženewa konferensiýasyna gatnaşandyrlar.