iki suw asty gämi Eýran goşunynyň deňiz güýjüniň flotyna goşuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4231-iki_suw_asty_gämi_eýran_goşunynyň_deňiz_güýjüniň_flotyna_goşuldy
Gadir gysymyndan bolan suw asty iki gämi Eýran goşunynyň deňiz güýjüniň flotyna goşuldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 29, 2018 14:46 Asia/Ashgabat
  • iki suw asty gämi Eýran goşunynyň deňiz güýjüniň flotyna goşuldy

Gadir gysymyndan bolan suw asty iki gämi Eýran goşunynyň deňiz güýjüniň flotyna goşuldy.

Eýran goşunynyň deňiz güýjüniň serkerdesi admiral Hoseýin Hanzady şu gün Eýranyň Bandar Abbas şäheriniň portynda Gadir gysymly iki suw asty gäminiň deňiz güýjüň flotyna goşulmak baradaky dabarada eden çykyşynda bu günki gün Eýran Yslam Respublikasy goşunyň we sepah pasdaranyň kuwwatly deňiz güýçlerindendir we bu iki güýç birek biregiň arkadaşlygy bilen Pars Aýlag,Hormoz bogazynyň we Oman derýasynyň howpsyzlygyny üpjün edýändirler diýip nygtady.

admiral Hanzady şeýle-de Eýranly ekspertler arkaly bejerilen Sahand adly harby gämi golaý geljekde Eýran goşunynyň deňiz güýjüne goşuljakdyr diýip habar berdi.ol şeýle-de bu harby gäminiň üstünde dik uçarlaryň gonup bilýändiklerini hem yglan etdi.

Eýran goşunynyň deňiz güýjüniň serkerdesi admiral Hoseýin Hanzady sözüniň dowamynda Sahand adly harby gämiden aýry geljek aýlarda öňdebaryjy Fateh adly suw asty gämisiniň hem deňiz güýjüne goşuljakdygyny habar berdi.