Jahangiri: Eýran döwleti ýer titrän sebitleri kämil abatlajakdyr
Eýranyň döwlet baştutanynyň birinji orunbasary Eshag Jahangiri bütin çäkliklere garamazdan Eýran döwleti Kermanşah welaýatynda ýet titreme hadysasynda zyýan gören öýleri abatlajakdyr diýdi.
şu gün Eýranyň döwlet baştutanynyň birinji orunbasary Eshag Jahangiri Kermanşahyň howa menzilinde habarçylaryň arasynda eden çykyşynda bu welaýatyň Sarpol Zahab, Gasr Şirin, Gilangarb we Yslamabat şäherlerinde ýüze çykan ýet titreme zerarly ýetişen zyýanlara yşarat edip geçen ýyl bu welaýatda ýüze çykan ýet titremede 100 müňden gowrak öý zyýan gördi we onuň ýerini dolmak üçin şu wagta çenli 20 müňden gowrak jaý salynandyr we 55 müňden gowrak jaý hem ýaňadan abatlanandyr diýip nygtady.
geçen ýekşenbe güni Kermanşah welaýatynyň Sarpol Zahab şäherinde rişder derejesinde 6.4 derejede ýer titredi we netijede 770 adam ýaralandy. öten ýyl Kermanşah welaýatynda ýüze çykan ýer titremede 620 adam ölüpdi.