Jahangiri:Eýranda ylymyň we tehnologiýanyň ösüşi parahatçylyk ugurdadyr
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eshag jahangiri Eýranda ylymyň we tehnologiýanyň ösüşi parahatçylyk we adamkärçilik ugurdadyr we hiç haçan ahlaksyzlyk we bozujylyk ugurda bolandäldir diýdi.
Eshag jahangiri Tehranda geçirlen ylmy kongressiň ýapylyş dabarasynda eden çykyşynda ýadro meselesi barada ýersiz ýerden Eýran aýyplanylýandyr emma halkara atom energiýasy agentligi çykaran hasabatlarynda Eýranyň ýadro işlerini halkara kanunlaryň çarçuwasynda hasaplady.
Jahangiri Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryna hem yşarat edip Eýranlylar wehimleri pursata dönderýändirler we böwetleriň Eýranyň ylym we täze tehnologiýa ösüşleriniň öňüne geçilmegine rugsat bermez diýip nygtady.
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eshag jahangiri şeýle-de ylym we tehnologiýany ösdürmek ugurda dünýäniň ylmy merkezleri bilen arkadaşlyk etmegi Eýran garşylaýar diýip yglan etdi.