Hazar deňizinde işbilli balyklaryň awlanmagynyň gadaganlyk möhleti uzaklaşdyryldy
Eýranyň balykçylyk guramasynyň halkara işleriniň başlygy Morteza Mehranpur hazar ýakasynda ýerleşen 5 ýurdyň wekilleri hazar deňizinde işbilli balyklaryň awlanmagynyň gadaganlyk möhletini 2019-njy ýylyň soňuna çenli uzaklaşdyrdylar diýip yglan etdi.
Morteza mehranpur Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuda geçirlen Hazar deňiziniň jandarlaryny goramak boýunça komissiýasynyň 2-nji maslahatynyň soňunda 2019-njy ýylyň soňuna çenli hazarda işbilli balyklaryň awlanmagynyň gadagan edilmegi barada tutum tutulanlygyny habar berdi.
Baku maslahatynda çykarlan hasabatlar esasynda amala aşyrlan gadaganlyga garamazdan hazar deňiziniň işbilli balyklarynyň ýagdaýy gowydäldir diýip Mehranpur nygtady.
2010-njy ýylda hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň prezidentleriniň geçiren maslahatynda hazar deňizinde işbilli balyklaryň awlanmagy 5 ýyllap gadagan yglan edildi we her ýylda hem bu möhlet uzaklaşdyrylýar.