Amir Hatami:Eýran bar kuwwaty bilen zulum astyndaky milletleri manawi taýdan goldajakdyr
Eýranyň goranmak ministri sertip Amir Hatami Eýran Yslam Respublikasy bar kuwwaty bilen zulum astyndaky milletleri goldajakdyr diýip yglan etdi.
şu gün Amir Hatami Liwan,Yrak we Siriýa ýurtlarynda çydamlylyk kadalaşandyr diýmek bilen Amerikalylar terrorçy toparlary döredip Siriýa we Yrak ýurtlarda giň sebite eýe boldylar emma jenaýatkär bolan Amerikany şowsyzlyga uçradan we bu sebitleri terrorçylardan halas eden zat çydamlylykdy diýip nygtady.
sertip Hatami sözüniň dowamynda Arabystan Amerikanyň goldamagy bilen Ýemene garşy hüjümlerini başlady we gysga möhletiň içinde bu ýurda musallat bolup başarmyka diýip guman etýärdi emma Ýemen ilaty boş elleri bilen Arabystanyň pitnelerini şowsyzlyga uçradandyrlar diýip beýan etdi.
Eýranyň goranmak ministri Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren gadaganlyklaryna hem yşarat edip Eýran milleti öňkiler ýaly gadaganlyklary pursata öwürjekdir diýip sözüne goşdy.