Eýranyň daşary işler ministri Pompeonyň Tehrana garşy toslamasyna gaýtawul berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4260-eýranyň_daşary_işler_ministri_pompeonyň_tehrana_garşy_toslamasyna_gaýtawul_berdi
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýran Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşiniň 2231-nji karar hatyny bozandyr diýen Amerikanyň daşary işler ministriniň toslamasyna gaýtawul berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 03, 2018 13:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň daşary işler ministri Pompeonyň Tehrana garşy toslamasyna gaýtawul berdi

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýran Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşiniň 2231-nji karar hatyny bozandyr diýen Amerikanyň daşary işler ministriniň toslamasyna gaýtawul berdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Jawad Zarif Amerika howpsyzlyk geňeşiniň 2231-nji karar hatyny bozýan mahaly Eýrany bu karar haty bozmaklykda aýyplap durandyr we bu karar hata ykrarly bolan ýurtlara haýbat atýandyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşiniň karar hatlary barada Amerikanyň hilegärlik edýänligine yşarat edip durmuşda ýalan aldamak we başga ýurtlary aýyplamak Amerikanyň daşary işler ministrliginiň ýörelgesine öwrülendir diýip nygtady.

soňky günlerde Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo Eýranyň raketa synaglary Birleşen Milletler Guramasynyň howpsyzlyk geňeşiniň 2231-nji karar hatyny bozýandyr diýip toslapdy.

Pompeonyň bu toslamasynyň yzy bilen Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Birleşen Milletler Guramasynyň howpsyzlyk geňeşinde Eýranyň raketa programalaryny ýa-da raketa synaglaryny gadagan edýän hiç hili karar hatyň ýoklygyny aýtdy.

Eýranyň raketa programasy goranyş ugurlydyr diýip Gasemi sözüne goşdy.