Ismaýyl Haniýeh Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4264-ismaýyl_haniýeh_zarif_bilen_telefon_arkaly_söhbetdeş_boldy
Palestinanyň Hemas hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ismaýyl Haniýeh Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Palestina özgerişleri barada pikir alyşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 03, 2018 18:35 Asia/Ashgabat
  • Ismaýyl Haniýeh Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Palestinanyň Hemas hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ismaýyl Haniýeh Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Palestina özgerişleri barada pikir alyşdy.

bu söhbetdeşlikde Ismaýyl Haniýeh Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda Palestinanyň yslam çydamyny ýazgarmak üçin bir karar hatyň taslama ýazgysyny ileri sürmek ugurdaky Amerikanyň tagallasyna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasyndan bu karar hata garşy çykmagyny isledi.

Muhammet Jawad Zarif hem bu söhbetdeşlikde Palestina milletiniň hukukyndan Eýran Yslam Respublikasynyň arka çykanlygyna yşarat edip Amerika döwleti halkara gadaganlyklara garşy bir hereket boýunça Tel-Awiw-daky ilçihanasyny Kudusa geçirendir we indi hem suwumsyzlyk bilen Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda Palestinanyň yslam çydamyna garşy bir karar haty tassyklamagyň yzyndadyr diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasy bu karar hatyň öňüne geçmek ugurda elinden gelen işi etjekdir diýip Zarif yglan etdi.