Ruhani:Eýran milleti kynçylyklaryň garşysynda garaşsyzlygyndan geçmez
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran bir taraplaýyn gadaganlyklary Waşington döwletiniň Eýran milletiniň duşmanydygyny mälim edendir diýmek bilen kynçylyklaryň garşysynda Eýran milleti garaşsyzlygyndan geçmez diýdi.
prezident Hasan Ruhani Semnan welaýatynda geçirilen maslahatda eden çykyşynda durmuşda dünýä derejesinde duşmanlaryň Eýran milletiniň garşysynda yza çekilmeklerini görüp durandyrys diýmek bilen Amerikalylar ykdysady basyşlar bilen Eýran milletini dyza çökerdip başarlarmyka diýdiler emma onuň puçdygyny bu günki gün görüp durandyrlar diýip beýan etdi.
Eýran milleti hüşgärlik,parasatlylyk we jan aýamazlyk bilen duşmanlaryň pitneleriniň garşysynda durandyr diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.
duşmanlaryň yza çekilip soňunda Eýran milletiniň ýeňiş gazanjakdygyna şek-şübhe ýokdyr diýip prezident Ruhani nygtap geçdi.