mertebesi belent ýolbaşçy: yslam ynkylabynyň gerim almagy duşmanyň şowsuzlyga uçramagyna sebäp bolandyr
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri yslam ynkylabynyň gerim almagy magnawyýetlere hüjüm etmekde duşmanyň şowsuzlyga uçramagyna sebäp boljakdyr diýdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri Günorta Horasan welaýatynyň şehitler kongressiniň jogapkärleriniň arasynda beren gürrüňlerinde bu welaýaty möminleriň we alymlaryň welaýaty hasaplap yslam ynkylabynda we mukaddes gorag döwründe Günorta Horasan welaýatynyň ilatynyň hyjuwly huzuryny öwgä laýyk hasapladylar.
durmuşky ýagdaýda şehitleri ulaltmak iň ýagşy işlerdendir we ýurdymyzda oňa mätäçlik bardyr diýip Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda magnawey ugurlarda duşmanlaryň amala aşyrýan hüjümlerine yşarat edip elbetde yslam ynkylabyň giň gerimde ösüp barýanlygy tutuş Eýranda gözeiýlerlidir we bu ösüşe badalga bermek bilen duşmanlar magnawyýetlere hüjüm etmekde agyr uruş ýaly şowsuzlyga uçrajakdyrlar diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleriniň 5-nji noýabrda Günorta Horasan welaýatynyň şehitler kongressiniň jogapkärleriniň duşuşygynda aýdan gürrüňleri şu gün neşir boldy.