Gasemi:täze ylalaşyk baradaky Amerikaly resmileriň aýdýanlary puçdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4339-gasemi_täze_ylalaşyk_baradaky_amerikaly_resmileriň_aýdýanlary_puçdyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi täze gepleşikler we täze ylalaşyk baradaky Amerikaly resmileriň aýdýanlary puçdyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 13, 2018 14:31 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:täze ylalaşyk baradaky Amerikaly resmileriň aýdýanlary puçdyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi täze gepleşikler we täze ylalaşyk baradaky Amerikaly resmileriň aýdýanlary puçdyr diýdi.

Bahram Gasemi Amerikanyň daşary işler ministriniň halkara howpsyzlyk boýunça kömekçisi Kristofer Ford täze ylalaşyga ýetmek üçin Eýrana basyş bermelidir diýen gürrüňiniň jogabynda Amerikanyň bu resmisi hem gynanç bilen puç arzuwlary esasynda gürleýär diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüniň dowamynda dünýäde halkara kanunlary gödek bozýan Amerikadyr diýmek bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howpsyzlyk geňeşiniň 2231-nji karar hatynyň Waşington arkaly bozulmagy baş bermeýän keçjal döwletiň mysallaryndandyr diýip beýan etdi.

howpsyzlyk geňeşiniň 2231-nji karar haty esasynda bütin degişli ýurtlar ýadro ylalaşygyna amal etmelidirler emma Amerika döwleti kanundan gaçýandyr diýip Gasemi sözüne goşdy.