Aragçi:ýadro ylalaşygy goramak üçin Ýewropa amaly ädimleri ätmelidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4361-aragçi_ýadro_ylalaşygy_goramak_üçin_Ýewropa_amaly_ädimleri_ätmelidir
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi Finlýandiýada bu ýurdyň daşary işler ministrniň oruntutary Mati Antonen,daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Ane Sipi Raýnen we bu ýurdyň parlamentiniň daşary komitetiniň orunbasary Perti Salolantin bilen aýry aýry duşuşyklary geçirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 19, 2018 14:31 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:ýadro ylalaşygy goramak üçin Ýewropa amaly ädimleri ätmelidir

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi Finlýandiýada bu ýurdyň daşary işler ministrniň oruntutary Mati Antonen,daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Ane Sipi Raýnen we bu ýurdyň parlamentiniň daşary komitetiniň orunbasary Perti Salolantin bilen aýry aýry duşuşyklary geçirdi.

bu duşuşyklarda Aragçi ýurtlar bilen saklanylýan hyzmatdaşlyklarda we söwda dolanyşyklarda ýadro ylalaşygyň ähmiýetine yşarat edip ýadro ylalaşygyň ykbaly diplomatiýa we howpsyzlyk ugurda bir uly üstünlik adynda Amerikanyň bu ylalaşykdan çykmagyndan soňra uly howpa gabat gelip durandyr diýdi.

Aragçi sözüniň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýadro ylalaşygyny syýasy taýdan goldaýanlygy babatly gadyrdanlygyny beýan etmek bilen bu syýasy goldawlar gymmatlydyr emma ýeterlik däldir diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi şeýle-de gadaganlyk şowsyzlyga uçran syýasatdyr diýmek bilen Eýran ençeme ýyllap gadaganlyklarda gününi geçirendir we hatda gadaganlyklar döwründe göze ilerili üstünlikleri hem gazanandyr diýip sözüne goşdy.