Aýatolla Ymami Kaşani: Amerika Siriýada şowsuzlyga uçrandyr
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ymami kaşani Amerikaly harbylaryň Siriýadan çykarylmagyny Amerikanyň Siriýada ýeňilenliginiň alamaty hasaplamak bilen Waşington we onuň ýaranlary başga meýdanlarda şol sanda ýemen urşynda hem şowsuzlyga uçrajakdyr diýip nygtady.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ymami kaşani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerika. Sionist režimi we Al-Saud režimi dünýäde pysatçylyk döretmegiň yzyndadyrlar diýmek bilen Amerika we onuň ýaranlary dünýäni ele almak üçin pysatçylyk döretýändirler diýip beýan etdi.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ymami kaşani sözüniň dowamynda Amerika we onuň ýaranlary garaşsyz ýurtlardan şol sanda Eýran Yslam respublikasyndan olaryň Palestina, ýemen, Bahreýn, Yrak we Owganystan ýurtlarynda baş goşýan jenaýatlaryny görmezlik etmeklerini isleýändir emma bu mesele hiç haçan başa barmaz diýip yglan etdi.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ymami kaşani şeýle-de Amerika we oniň ýaranlary alla tagalanyň ýardam etmegi bilen ruswa bolup harlyk bilen ýok oljakdyrlar diiýp nygtap geçdi.