Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklaryna garşy göreşmek üçin Eýran döwleti kämil taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4397-amerikanyň_bir_taraplaýyn_gadaganlyklaryna_garşy_göreşmek_üçin_eýran_döwleti_kämil_taýýardyr
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yshak Jahangiri duşmanlaryň maksady gadaganlyklar arkaly Eýrana import edilýän harytlaryň gidişinde kynçylyk döretmekdyr diýmek bilen duşmanlar hiç haçan bu maksatlaryna ýetmezler diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 23, 2018 14:08 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklaryna garşy göreşmek üçin Eýran döwleti kämil taýýardyr

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yshak Jahangiri duşmanlaryň maksady gadaganlyklar arkaly Eýrana import edilýän harytlaryň gidişinde kynçylyk döretmekdyr diýmek bilen duşmanlar hiç haçan bu maksatlaryna ýetmezler diýip nygtady.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yshak Jahangiri Eýranyň gümrük meselelerine garamak ugurda geçirilen maslahatda eden çykyşynda Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklaryna garşy göreşmäge Eýran döwletiniň kämil taýýardygyny yglan etmek bilen her hilli ýagdaýda harytlaryň import edilmegi ugurynda kynçylyk döremez ýaly amatly tutumlar tutulandyr diýip habar berdi.

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani hem 27-nji Iýunda eden çykyşynda Eýran milleti zor aýdyja başyny egmez diýmek bilen Eýranlylar yradalar söweşinde Amerikany şowsyzlyga uçratjakdyrlar diýip nygtap geçdi.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 8-nji Maýda ýadro ylalaşygyny bozup bu ylalaşykdan çykmak bilen Eýrana garşy ýadro gadaganlyklaryň ýaňadan amala aşyryljakdygyny yglan etdi.

Trampyň bu hereketi Amerikanyň içerisinde we daşarda güýçli tankytlar bilen ýüz-beýüz bolandyr.