Rahmani Fazli: Eýransyz sebitde hiç hili özgeriş döremez
Eýranyň içeri işler ministri Abdulreza Rahmani Fazli halkara derejesinde Eýranyň täsirliligi subutlanandyr diýmek bilen Eýransyz sebitde hiç hili özgeriş ýüze çykmaz diýip yglan etdi.
şu gün Eýranyň içeri işler ministri Abdulreza Rahmani Fazli Eýranyň sebitdäki täsirliligi başga ýurtlar ylaýtada goňşy ýurtlar bilen baglanşyklarynyň netijesidir we her haçan bu ýurtlar duşmanlaryň hüjümlerine gabat gelen ýagdaýynda islän ýagdaýlarynda Eýran olaryň kömegine barjakdyr diýip nygtady.
Eýranyň içeri işler ministri Abdulreza Rahmani Fazli sözüniň dowamynda Amerika döwleti Eýrana garşy syýasatlaryny amala aşyrmakda ýeke galandyr we halkara atom energiýasy agentliginden aýry Ýewropa ýurtlary, Orsýet, Hytaý we sebit ýurtlary hem Amerikanyň ugryna gidýändäldirler diýip beýan etdi.