Eýran bilen Yrak energiýa barada hyzmatdaşlyk senede gol çekdiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4431-eýran_bilen_yrak_energiýa_barada_hyzmatdaşlyk_senede_gol_çekdiler
Eýranyň güýç ministri Reza Ardakaniýan bilen Yragyň elektrik ministri Loý Al-Hatyp energiýa barada iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk senede gol çekdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 27, 2018 18:48 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Yrak energiýa barada hyzmatdaşlyk senede gol çekdiler

Eýranyň güýç ministri Reza Ardakaniýan bilen Yragyň elektrik ministri Loý Al-Hatyp energiýa barada iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk senede gol çekdiler.

şu gün Eýranyň güýç ministri Reza Ardakaniýan Yrakda beren gürrüňlerinde gol çekilen ýaňky ylalaşyk energiýa we Yragyň elektrik gurluşyklarynyň durkuny täzelemek ugurdaky Eýran bilen Yragyň uzak möhletli hyzmatdaşlyklaryny mälim etýändir diýip nygtady.

Eýranyň şereketleri we inistitýutlarynyň başarjaňlyklaryndan Yragyň elektrik ulgamynyň durkuny täzelemek ugurda haýyrlanylar diýip Ardakaniýan sözüne goşdy.

Yragyň elektrik ministri Loý Al-Hatyp hem gol çekilen ylalaşygy möhüm hasaplamak bilen Yrak energiýa çeşmelerine mätäçdir we onuň iň ýakyny we ynamlysy Eýrandyr diýip nygtap geçdi.