mertebesi belent ýolbaşçy: Palestina milletiniň soňky ýeňişi daşdäldir
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Palestina kuwwatlylyk bilen galjakdyr we alla tagalanyň merhemeti bilen Palestina milletiniň soňky ýeňişi başa barjakdyr diýip beýan etdiler.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Palestinanyň yslam jihad hereketiniň başsekretary Ziad Nojale we onuň ýolbaşçylygyndaky topar bilen geçiren duşuşygynda Palestina baradaky açyk meselä yşarat edip Palestina milleti çydamy dowam etdirse üstünlik gazanjakdyr ýogsada şowsuzlyga uçrajakdyr , emma hudaý tagalanyň merhemeti bilen Palestina milleti sionist režimine garşy çydamlylyk bilen durandyr we ýeňiş gazanandyr diiýp nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda arap ýurtlaryň goşunlary sionist režimini ýeňip başarmadylar emma Palestina milleti sionist režimini dyza çökerdendir we allanyň ýardam etmegi bilen geljekde ulyrak üstünliklere hem ýetjekdir we bu mesele bolsa Palestina milletiniň asly ýeňişidir diýdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de sionist režimi mundan ozal iki uruşda bir gezek 22 günden soňra we ýene bir gezek 8 günden soňra atyşygyň ýatyrylmagyny isledi emma soňky uruşda diňe 48 sagatdan soňra atyşygyň ýatyrylmagyny isledi we bu mesele bolsa basybalyjy sionist režimiň dyza çökmegi manysyndadyr diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri soňky ýyllaryň boýunda Palestina milletiniň yzygiderli üstünlik gazanmagynyň sebäbini çydamlylygyň dowam etdirilmeginde bilmek bilen geljekde çydamyň dowam etdirlip durlan mahalynda sionist režimiň dargamagyna tarap bolan hereketi hem dowam etjekdir diiýp beýan etdiler.