prezident Ruhani Bangladeşiň parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini gutlady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4470-prezident_ruhani_bangladeşiň_parlament_saýlawlarynyň_üstünlikli_geçirilmegini_gutlady
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani bir hat boýunça Bangladeşde parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini we bu ýurdyň häkim Awami-lig partiýasynyň ýeňiş gazanmagyny gutlady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 02, 2019 19:32 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani Bangladeşiň parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini gutlady

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani bir hat boýunça Bangladeşde parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini we bu ýurdyň häkim Awami-lig partiýasynyň ýeňiş gazanmagyny gutlady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu prezident Hasan Ruhani Bangladeşiň premýer ministri şih Hasina Wajede ýazan hatynda Eýran bilen Bangladeşiň milletleriniň medeni we dini baglanşyklaryna we iki ýurdyň amatly mümkinçiliklerine garamak bilen Tehran-Dakaryň köp ugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegini umyt etdi.

Eýranyň döwlet baş tutany şeýle-de Bangladeşiň döwletine we milletine saglyk,üstünlik we bagtyýarlyk arzuw etdi.

geçen ýekşenbe güni geçirilen Bangladeşiň parlament saýlawlarynda bu ýurdyň häkim Awami-lig partiýasy parlamentiň 151 ornyny gazanmak bilen döwlet gurmak üçin gerek şerti el-gerip başarandyr.