Gasemi:Eýran sebit ýurtlary bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga ykjamdyr diýdi
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi goňşy ýurtlardan aýry Eýran döwleti sebitiň bütin döwletleri bilen saklaýan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga ykjamdyr diýip yglan etdi.
Bahram Gasemi Eýranyň daşary işler ministrniň geljekde sebit ýurtlaryna gurnajak saparlaryna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy goňşy we sebit ýurtlary bilen hoş niýetli goňşyçylyk we parahatçylyk söýüjilik we durnukly howpsyzlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklaryny ösdürmegi ileri tutýandyr diýip nygtady.
goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy Eýranyň daşary syýasatynyň gün tertibindedir diýip Gasemi sözüne goşdy.
Bahram Gasemi şeýle-de sebit meseleleri baradaky Eýranyň oňaýly hereketlerine yşarat edip Yrak,Siriýa we hatda Ýemen ýurtlarynda Eýran parahatçylygyň berkarar edilmegi ugurda tagalla etdi diýip nygtap geçdi.