Aragçi:geljek iki hepdä çenli Eýran bilen Owganystanyň hyzmatdaşlyklar senedi taýýarlanýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4480-aragçi_geljek_iki_hepdä_çenli_eýran_bilen_owganystanyň_hyzmatdaşlyklar_senedi_taýýarlanýar
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýt Abbas Aragçi geljek iki hepdä çenli Eýran bilen Owganystanyň strategik hyzmatdaşlyklary boýunça senedi kesgitlenýär diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 06, 2019 13:52 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:geljek iki hepdä çenli Eýran bilen Owganystanyň hyzmatdaşlyklar senedi taýýarlanýar

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýt Abbas Aragçi geljek iki hepdä çenli Eýran bilen Owganystanyň strategik hyzmatdaşlyklary boýunça senedi kesgitlenýär diýip yglan etdi.

Seýt Abbas Aragçi sözüniň dowamynda sebitiň özgerişlerini möhüm hasaplamak bilen Eýran bilen Owganystan yzygiderli geňeşmelere mätäçdirler diýip nygtady.

Aragçi şeýle-de Eýran bilen Owganystanyň ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň ähmiýetine yşarat edip durmuşda iki ýurdyň söwda dolanşygynyň möçberi ýylda 5 milliard dollardyr diýip sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Owganystanyň resmileri bilen geçiren duşuşyklaryna hem yşarat edip Eýran bilen Owganystanyň gatnaşyklary garşylykly hormat esasyndadyr emma şu çarçuwada hem howatyrlanmalar we kynçylyklar bardyr diýip nygtap geçdi.

Aragçi Owganystan resmileri bilen duşuşmak üçin düýn bu ýurdyň paýtagty Kabula bardy.